Keniýaly ýeňil atletikaçy 5000 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

  • 11.06.2023 16:31
  • 10k+

Keniýaly ýeňil atletikaçy Feýt Kipýegon Brilliant ligasynyň Parižde geçirilen tapgyrynda 5000 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

Onuň görkezen netijesi 14 minut 5,20 sekunt boldy. Ol 2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda efiopiýaly Letesenbet Gideý tarapyndan goýlan dünýä rekordyny (14.06,62) täzeledi.
Kipýegon 29 ýaşynda bolup, iki gezek Olimpiýa çempiony we iki gezek dünýä çempionydyr. Bir hepde mundan öň Brilliant ligasynyň Florensiýada geçirilen tapgyrynda ol 1500 m aralyga ylgamakda 3 minut 49,11 sekunt netije bilen dünýä rekordynyň eýesi boldy.


02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.5k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......