Asmanexpress ykjam goşundysyny täzeledi. Täze wersiýada köp sanly ýeňillikler döredildi

  • 10.06.2023 17:38
  • 7.7k+

Asmanexpress onlaýn platformasy — bu Türkmenistanda 10 minutda eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýan ilkinji hem ýeke-täk hyzmat bolup, bu platformada onlaýn söwda, boş iş orunlary hem-de arassalanan agyz suwy boýunça serwisler bar.

Asmanexpress täzelikde ykjam goşundysynyň täze wersiýasyny çykardy we ony hemmelere mümkin boldugyndan tiz wagtda barlap görmegi teklip edýär. Täzelenen ykjam goşundy müşderilere köp sanly ýeňillikleri we mümkinçilikleri berýär.
Salgynyň dogry görkezilmegi  sargydy resmileşdirmekde möhüm orna eýedir, hut şonuň üçin hem Asmanexpress size salgyňyzy girizmek has hem ýeňil bolar ýaly täze wersiýasyny çykardy. Salgyny saýlamakda täze goşulan ýeňillikler bilen müşderi öz salgysyny ýalňyşman çalt tapyp biler.
Asmanexpress-iň täze wersiýasynda müşderi indi gönüden göni kategoriýalara geçip, hödürlenilýän harytlaryň tutuş sanawy bilen tanşyp biler.
Asmanexpress ulanyjylar üçin ýeňillikleri girizmegini dowam edýär, salgyny saýlamak işini ýeňilleşdirmeklik – bu babatda ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Ykjam goşundyda iki sany täze hyzmat işläp başlady: Asmanshop we Asmanjobs.

Asmanshop – bu brend egin-eşikleriň onlaýn dükany. Bu ýerden islendik adam moda harytlary satyn alyp biler. Bu ýerden LC Waikiki, Koton, MAVI, Ramsey, FLO, Altinyildiz Classics, AVVA ýaly köp sanly dünýä belli brendleriň iň täze aýakgaplaryny, egin-eşiklerini we aksessuarlaryny alyp bilersiňiz. Asmanshop hyzmaty arkaly müşderi bary-ýogy 90 minudyň dowamynda ykjam goşundydan harydy saýlap, sargyt edip, geýip görüp biler.

Asmanjobs – bu iş gözleýänler hem-de boş iş orunlaryny bildiriş edip goýmak isleýänler üçin niýetlenen hyzmatdyr. Eger-de siz işe girmek isleýän bolsaňyz, Asmanjobs size dürli pudaklarda boş iş orunlarynyň giň toplumyny hödürleýär. Iş berijiler hem öz bildirişlerini ykjam goşundyda çykaryp, özüne laýyk dalaşgäri tapyp biler. Asmanjobs iş gözlemek ýa-da işgär almak işini tiz hem netijeli etdi.
Şeýle hem ýakynda Asmansuw hyzmaty hem işläp başlar. Bu hyzmat arassalanan agyz suwuny iň çalt eltip bermek boýunça hyzmatdyr. Ykjam goşundynyň täze wersiýasyny ýükläp alyň we täzeliklerden habarly boluň!
Ýakynda size köp sanly peýdaly hem gyzykly täzelikler garaşýar!
Täzelenen Asmanexpress ykjam goşundysy müşderileriň satyn almakda we işe ýerleşmekde zerurlyklaryny göz öňünde tutup döredildi.
Asmanexpress bilen ýeňil söwdadan hem-de iş gözlemekde onyň mümkinçiliklerden lezzet alyň!

Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli hereket edýär.
Asmanexpress onlaýn platformasyny özüňize ýükläp alyň we jemi 100 manatlyk kuponlary gazanyň:

  • Asmanexpress 15 manatlyk kupon we 3 mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär;
  • Asmanmega 20 manatlyk kupon we 3 mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär;
  • Asmanshop – 50 manatlyk kupony hödürleýär, hyzmat ýakynda işläp başlar;
  • Asmansuw – 15 manatlyk kupon hödürleýär, hyzmat ýakynda işläp başlar.

Asmanexpress – siziň wagtyňyzyň gadryny bilýär!
Eger-de sizde soraglar ýa-da teklipler ýüze çyksa, onda Asmanexpress bilen habarlaşyň! Biz size kömek etmäge hemişe şatdyrys.
Ykjam goşundyny şu salgylardan ýükläp bilersiňiz:  Google Play we AppStore.
Habarlaşmak üçin: +99364755997
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

düýn 10:44
2k+

Arkadag şäherindäki sirk dynç gününi ýatdan çykmajak pursatlara öwürýär

Maşgala bilen dynç günüňizi ýatdan çykmajak derejede geçirmek üçin näme etmeli? Bu soraga Arkadag şäheri iň jaýdar jogaby hödürleýär. Her ýekşenbe güni Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde çagalary hem ululary deň derejede özüne çekýän sirk oýunlary görkezilýär...

03.02.2026 13:36
19k+

«Arkadag» – «Al-Nasr» we Ronaldu effekti: telekeçiler ýokary isleg döwrüne howsala düşmän nädip taýynlanyp biler

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy geçiriler: «Arkadag FK» – «Al-Nasr». Petekler Aşgabat häkimliginiň web-sahypasy we Sanly şäher programma üsti arkaly onlaýn satylýar...

27.01.2026 21:02
12k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...

19.01.2026 16:16
12k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar...