ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza töleginiň bahasyny artdyrdy

  • 10.06.2023 17:26
  • 34k+

2023-nji ýylyň 17-nji iýunyndan başlap bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wizalar üçin zerur tölegiň bahasynyň 160 dollardan 185 dollara çenli ýokarlandyryldy.

Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi Instagram sahypasynda habar berdi.
Bellenilişi ýaly, bu töleg petisiýa esaslanmaýan, immigrasiýa degişli bolmadyk wizalara (syýahatçylyk we talyp wizalaryna) degişlidir.
Ilçihana 17-nji iýun we şondan soňky wizalar üçin tölegleriň täze bellenen nyrhdan — 185 dollardan nagt getirmelidigini türkmenistanly raýatlaryň dykgatyna ýetirýär.


düýn 09:43
3.5k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.8k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......