«Belawia» awgust aýyndan başlap Türkmenistana hepdede iki gezek uçup başlar

  • 10.06.2023 17:12
  • 17k+

«Belawia» belarus awiakompaniýasy awgust aýyndan başlap Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline uçuşlarynyň sanyny artdyrar. Minskiden Türkmenbaşa gatnawlar hepdede iki gezek — çarşenbe hem şenbe günleri amala aşyrylar diýip, awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

  • Minskiden uçuş şenbe güni 20:00-da, Türkmenbaşyda gonuş 02:10-da;
  • Türkmenbaşydan yzyna uçuş  ýekşenbe güni 03:10-da, Minske gonuş 05:30-da.

Ýerli wagt görkezilen.
Awiakompaniýanyň uçuşlary Embraer E195 brazil howa gämilerinde ýerine ýetiriler. Bu howa gämileri 125 ýolagçy üçin niýetlenendir. Uçuşyň dowamlylygy dört sagatdan gowrak.
Awiakompaniýanyň ähli gatnawlary üçin biletleri «Belawianyň» Aşgabatdaky wekilhanasyndan satyn alyp bilersiňiz.
Salgysy: 2028-nji köçe, (A.Gowşudow), jaý 50/2, 2-nji gat («Teke bazar», «Ak Deňiz»bina, 2-nji gat).
«Belawianyň» saýtyndan biletleri onlaýn görnüşde hem satyn alyp bilersiňiz.

Goşmaça soraglar üçin: +99312926409.


27.01.2026 22:15
13k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar...

25.01.2026 18:53
6.8k+

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär...

23.01.2026 18:32
8.6k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...

12.01.2026 17:52
19k+

Türkmen raýatlary üçin Türkiýä wizalary resmileşdirýän kompaniýa üýtgedildi

Türkmenistanda Türkiýäniň täze wiza merkezi — «Mosaic Visa» açylar. Bu merkez Türkiýe Respublikasyna wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edýän resmi operator bolar. Kompaniýanyň sosial ulgamlary arkaly beren maglumatyna görä, ol ýurdumyzda öz işini bes eden «Gateway International» merkeziniň ornuny tutar...