8-nji maýdan 4-nji iýuna çenli dünýäde 1,7 milliondan gowrak adam koronawirus bilen keselledi, 10,4 müňden gowrak adam aradan çykdy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň penşenbe güni agşam beren habaryna görä, ýogalanlaryň sany, öňki 28 gün bilen deňeşdirilende 47%, ýokanç bilen kesellänleriň sany 38% azaldy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, dört hepdäniň dowamynda dünýäde 1 720 356 adama kesel ýokuşandygy we 10 463 adamyň ýogalandygy hasaba alyndy. Bu döwürde kesellänleriň köpüsi Koreýa Respublikasyndan – 470 093 adam. Ondan soň Awstraliýa (147 684), Braziliýa (113 286), Fransiýa (93 850) we ABŞ (93 260) gelýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýogalanlaryň iň köp sany 8-nji maýdan 4-nji iýun aralygynda gabat gelýär – 1 943 sany. Soňra Braziliýa (1 074), Fransiýa (555), Italiýa (549) we Russiýa (532) görkezilýär.
BSGG-niň web sahypasynda 7-nji iýunda çap edilen maglumata görä, dünýäde koronawirus ýokaşan 767 750 853 adam hasaba alyndy, 6 941 095 adam ýogaldy. BSGG-nyň baş müdiri Tedros Adanom Gebreyesus 5-nji maýda Ženewada geçirilen brifingde hakykatda ýogalanlaryň sanynyň azyndan 20 milliondygyny aýtdy.