Ýaponiýa 29-njy aprelden COVID-19 sebäpli ähli giriş çäklendirmelerini ýatyrar

  • 26.04.2023 23:55
  • 10k+

Ýaponiýanyň häkimiýetleri 29-njy aprelden koronawirus sebäpli hereket edýän girişde çäklendiriji çäreleri ýatyrmakçy bolýar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Ilkibaşda çäklendirmeleri 8-nji maýdan aýyrmak meýilleşdirilipdi, ýöne häzir hökümet aprel aýynyň ahyrlarynda – maý aýynyň başlarynda Ýaponiýada uzak dynç alyş günleriniň – “Altyn hepdäniň” başlanýandygy sebäpli, bu möhleti irki senä süýşürmek pikirini gözden geçirýär. Bu döwürde ýurduň köp ýaşaýjylary syýahat edýär. Şeýle-de, häkimiýetleriň bu karary 8-nji maýda koronawirusyň statusyna täzeden seretmek we ony möwsümleýin dümew ýaly az howply wiruslaryň hataryna geçirmek işi bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda serhetden geçilende BSGG tarapyndan tassyklanan COVID-19-a garşy serişdäniň üç dozasy bilen sanjym alnandygy barada şahadatnamany bermeli. Şahadatnama ýok halatynda, Ýaponiýa uçmazdan 72 sagat öň edilen koronawirus üçin otrisatel barlag barada kepilnama talap edilýär. Beýleki ähli talaplar we çäklendirmeler, şol sanda karantin ýapon hökümeti tarapyndan geçen ýyl ýatyryldy.


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......