Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

  • 30.04.2026 18:37
  • 2k+

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan kompaniýalary, startaplary we tehnologiýa hünärmenlerini birleşdiren bu forumyň esasy maksady täze sanly çözgütleri görkezmekden we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat boldy. Çäräniň dowamynda emeli aň (AI), 5G we 6G aragatnaşyk ulgamlary, akylly şäher (Smart City), ýaşyl energiýa hem-de sanly ykdysadyýet ýaly möhüm ugurlar boýunça ýörite çykyşlar we sergiler guraldy.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti tehnologiýa we sanly ösüş ugurlarynda öňdebaryjy birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda sanly infrastrukturany ösdürmek, telekommunikasiýa hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, emeli aň we şäher dolandyryşynda akylly çözgütleri ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar halkara startap platformalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly ýaş startaplary goldamagyň we geljekde bilelikdäki innowasion taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini öwrendi.


şu gün 10:55
444

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......