Qantas awiakompaniýasy pandemiýa döwründe wepaly galan işgärlerine 7000 dollar bonus berer

  • 28.08.2023 11:47
  • 22k+

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasyndan soň düzümini saklap galmak maksady bilen işgärlerine 2022-nji ýylyň başynda wada beren baýraklaryny paýnama we pul görnüşinde tölär.

Qantas azyndan 18 aýyň dowamynda kompaniýadaky işinde galan işgärlere 5000 awstraliýa dollaryny (3 200 amerikan dollary) nagt görnüşde we 1000 töweregi paýnama  (3 800 amerikan dollary) bermegi wada edipdi. Şeýle hem, olar 500 awstraliýa dollary (323 dollar) möçberinde iş sapary kömek puluny alarlar.
Awiakompaniýa pandemiýadan öňki 2019-njy ýyldan bäri ilkinji ýyllyk girdejisi barada hasabat berdi, ol salgytlar tölenenden soň 1,74 milliard awstraliýa dollary (1,1 milliard dollar) geçiriler. Bonus tölemek üçin 340 million awstraliýa dollary (220 million dollar) gönükdiriler. Olary 21 müň işgär kabul eder: uçarmanlar, bortprowodnikler, inženerler we baş ofisiň işgärleri.
Şeýle hem awiakompaniýa wepalylygy üçin müşderilere minnetdarlyk bildirmek kararyna geldi. Olar geçen ýylda azyndan bir Qantas gatnawynda uçuşy amala aşyran bolsalar, wepalylyk maksatnamasy boýunça hersi 1000 bonus alar. On ýa-da has köp uçuş üçin 5 müň bonus degişli.


düýn 17:08
4.9k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
11k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.3k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

16.01.2026 15:32
1.3k+

Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar

Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär...