Bakuda Türkmenistanyň gatnaşmagynda GDA-nyň serhet goşunlarynyň baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

  • 09.06.2023 13:24
  • 19k+

Azerbaýjanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň serhet goşunlarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 86-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar GDA döwletleriniň serhetlerinde durnuklylygy üpjün etmek meselelerini maslahatlaşdylar diýip, Sputnik Azerbaýjan ýazýar.

Duşuşyga Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki okuwlary geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar ýakyn hem orta möhlet üçin işleri meýilleşdirmek meseleleri boýunça 19 sany resminama gol çekdiler.
Indiki mejlis şu ýylyň oktýabrynda Ermenistanda geçiriler.


düýn 23:05
636

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
768

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......