10 minutda eltip berme hyzmatyny hödürleýän Asmanexpress emeli aňdan nähili peýdalanýar

  • 12.06.2023 18:05
  • 16k+

Sanly ulgamyň hem-de tehnologiýalaryň ýokary depginler bilen ösýän döwründe gündelik durmuşda hem-de işewürligiň dürli ugurlarynda hyzmatyň hilini gowulandyrmak üçin emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Emeli aňyň giňden peýdalanylýan ugurlarynyň biri hem harytlary eltip bermek ulgamydyr. Emeli aňyň artykmaçlyklary hem-de 10 minutda eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýan Asmanexpress söwda platformasynda emeli aňyň ulanylyşy barada.

Emeli aňyň ulanylmagynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri hem onuň maglumatlaryň ägirt uly möçberlerini tiz wagtda gaýtadan işlemek we seljermek ukybydyr. Munuň özi hiliň hem takyklygyň ýokary bolmagyna ýardam edýär.
Sargytlary 10 minutda eltip bermeklige ýöriteleşen Asmanexpress online platformasy maglumatlaryň takyklygyny we hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanýar. Awtomatlaşdyrylan algoritmleriň ulanylmagy netijesinde onlaýn söwda platformasy müşderileriň isleglerini we özüni alyp barşyny seljerip bilýär, haýsy önüme islegiň boljakdygyny öňünden aýdyp bilýär we eltip bermegiň has oňyn ugurlaryny salgy berýär. Bu bolsa eltip bermek wagtyny azaltmaga we müşderileriň kanagatlanma duýgusyny ýokarlandyrýar.
Ýokary tehnologiýalardan işjeň peýdalanýan bolsaňyz, onda Asmanexpress ykjam goşundysyny ýükläp almaklyk size täze oňyn tejribe bolup biler. Ykjam goşundy diňe bir sargytlary tiz eltip bermek hyzmatyny däl-de, eýsem, ykjam goşundyny ösdürmegiň täze ugurlaryny hem hödürleýär. Bu ykjam goşundyda ýakyn wagtda diňe bir azyk we hojalyk harytlary däl, eýsem egin-eşikleri, arassalanan agyz suwy, boş iş orunlary barada bildiriş we köp sanly beýleki täzelikler peýda bolar. Eger-de sizde Asmanexpress ykjam goşundysy bar bolsa, onda siz wagtyňyzyň gadryny bilýänsiňiz we onlaýn söwdanyň artykmaçlyklarynyň sözüň doly manysynda peýdalanýansyňyz.
Eger-de siz ýokary tehnologiýalaryň işjeň ulanyjylarynyň hatarynda bolmak isleseňiz, onda Asmanexpress ykjam goşundysyny ýükläp alyp bilersiňiz we onuň köpsanly täze funksiýalaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli hereket edýär.
Asmanexpress onlaýn platformasyny özüňize ýükläp alyň we jemi 100 manatlyk kuponlary gazanyň:

  • Asmanexpress 15 manatlyk kupon we 3 mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär;
  • Asmanmega 20 manatlyk kupon we 3 mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär;
  • Asmanshop – 50 manatlyk kupony hödürleýär, hyzmat ýakynda işläp başlar;
  • Asmansuw – 15 manatlyk kupon hödürleýär, hyzmat ýakynda işläp başlar.

Ykjam goşundyny şu salgylardan ýükläp bilersiňiz:  Google Play we AppStore.

Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......