Maýk Pens ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna dalaşgär boldy

  • 07.06.2023 12:23
  • 8.7k+

ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti Maýk Pens 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek nobatdaky prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin resminamalaryny tabşyrdy. Degişli maglumatlar duşenbe güni ABŞ-nyň Federal saýlaw toparynyň web sahypasynda çap edildi.

Pens Respublikaçylar partiýasyna wekilçilik edýär. Ol respublikaçylaryň adyndan prezidentlige dalaşgär görkezilmegini gazanmak isleýär. Şeýle-de, muňa ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump, Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis, ABŞ-nyň BMG-däki öňki ilçisi Nikki Heýli, Günorta Karolina ştatynyň senatory Tim Skott we beýleki syýasatçylar dalaş ederler.
NBC teleýaýlymy ozal Pensiň şu hepde ýurduň prezident saýlawlarynyň öňýanyndaky ýaryşyna resmi taýdan girmek isleýändigini habar beripdi.
ABŞ-nyň indiki prezident saýlawy 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriler. 25-nji aprelde ABŞ-nyň häzirki prezidenti, demokrat Jo Baýden ýokary hökümet wezipesine gaýtadan saýlanylmaga dalaş etjekdigini aýdypdy.


düýn 14:18
5.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
7.9k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
9k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

25.05.2026 15:17
6.6k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......