Ter önümler 10 minutda: Asmanexpress eltip bermegiň peýdalary we artykmaçlyklary barada

  • 06.06.2023 14:18
  • 12k+

Häzirki zamanda adamlar wagtyna we rahatlygyna has köp üns berýärler. Iş, okuw ýa beýleki möhüm işler bilen meşgullanyp, köplenç öýe gerek önümleri satyn almagy unudyp ýa-da ýetişmän bileris. Bu ýagdaýda Asmanexpress ter gök önümleri, miweleri we hojalyk harytlaryny sargyt edip, bary-ýogy 10 minutdan sargydyňyzy eltip bermegi hödürleýär. Eltip bermek hyzmatynyň şular ýaly tiz amala aşyrylmagy netijesinde miwedir gök önümler terligini ýitirmän gelýär. Saglygynyň gadryny bilip, sagdyn iýmitlenýänler üçin bu tüýs ýerine düşen teklipdir.

Asmanexpress sargyt edip, müşderi näme gazanýar?

  1. Wagtyňy tygşytlaýar. Şu döwürde iň gymmatly harydymyz – wagtymyzdyr. Dükanlara aýlanyp, aýratyn hem howanyň aşa gyzgyn wagtynda daşary çykyp gerek harydyňy gözläp wagtyňy sarp edeniňden, öýde oturan ýeriňden Asmanexpress-den onlaýn sargyt edip, islän zadyňy 10 minutdan alanyň has aňsat dälmi?
  2. Ýokary hilli we ter önümler — eltip bermek hyzmatynyň şeýle tiz bolandygy üçin önümler terligini hem tagamyny ýitirmän galýar. Diňe sagdyn önümleri saýlaýanlar bu diýseň möhümdir.
  3. Elýeterli bahalar we bellige alnan (registrasiýa bolan) müşderiler üçin köpsanly bonuslar.
  4. Durmuşyň dürli zerurlyklary üçin 20 sany bölüm bar: «Täze önümler», «Arzanladyşlar», «Az töle», «Miwe&Bakja», «Suw we içgi», «Ýeňil iýmit», «Esasy iýmit», «Hamyrly», «Etler», «Süýt önümleri», «Ertirlik üçin», «Doňdurmalar», «Doňdurylan», «Şahsy ideg», «Öýe ideg», «Öý&Hojalyk», «Tehnologiýa», «Çaga ideg», «Dokma», «Haýwanlar üçin harytlar».

Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli hereket edýär.
Asmanexpress onlaýn platformasyny özüňize ýükläp alyň we jemi 100 manatlyk kuponlary gazanyň:

  • Asmanexpress 15 manatlyk kupon we 3 mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär;
  • Asmanmega 20 manatlyk kupon we 3 mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär;
  • Asmanshop – 50 manatlyk kupony hödürleýär, hyzmat ýakynda işläp başlar;
  • Asmansuw – 15 manatlyk kupon hödürleýär, hyzmat ýakynda işläp başlar.

Ykjam goşundyny şu salgylardan ýükläp bilersiňiz:  Google Play we AppStore.

Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......