Şawkat Mirziýoýew prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alyndy

  • 06.06.2023 12:11
  • 19k+

Özbegistanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy häzirki prezident Şawkat Mirziýoýewi respublikanyň baştutanynyň saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba aldy. Bu MSK-nyň resmi saýtynda ýaýlyma berlen nobatdaky mejlisinde bolup geçdi diýip, mir24.tv habar berýär.

Respublikanyň häzirki baştutany Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlendi, onuň dalaşgärligini öz kandidaturasyny hödürlemekden saklanan “Milliý tiklaniş” demokratik partiýasy hem goldady.
Şeýle-de, ýurduň syýasy partiýalary tarapyndan hödürlenen iň ýokary wezipä üç dalaşgär hasaba alyndy. Hususan-da, Özbegistanyň Halk demokratik partiýasy we Ekologiýa partiýasy prezidentlige öz liderleri Abduşukur Hamzaýewi we Ulugbek Inoýatowy hödürlediler, “Adolat” sosial-demokratik partiýasy bolsa Ýokary kazyýetiň başlygynyň birinji orunbasary Robahon Mahmudowy hödürledi.
30-njy aprelde Özbegistanda Konstitusiýanyň täze redaksiýasy boýunça umumyhalk referendumy geçirildi. Ol, aýratynam, prezidentiň ygtyýarlylyk möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýar. Kanuna görä, döwlet baştutany wezipesini ikinji möhlet eýeleýän Şawkat Mirziýoýew ýene dalaş edip biler.
Möhletinden irki prezident saýlawlary 9-njy iýula meýilleşdirildi.


01.04.2026 19:38
6k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

21.03.2026 08:25
5.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...