Werstappen «Formula — 1-iň» Ispaniýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy

  • 05.06.2023 11:10
  • 3.7k+

“Red Bull” toparynyň niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň sekizinji tapgyry bolan Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş “Barselona-Katalunýa” awtodromynda geçirildi.

Poul-pozişnden bat alan Werstappen ýaryşyň iň gowy aýlawynyň hem eýesi boldy we karýerasynda üçünji “Uly tuwulgany” gazandy. Ikinji orny “Mersedesden” britaniýaly Lýuis Hemilton (+24,090 sekunt), üçünji orny onuň topardaşy we watandaşy Jorj Rassel (+32,389) eýeledi.
Ýaryşda utuk alanlaryň hatarynda şular hem bar:

4. Serhio Peres, “Red Bull”;
5. Karlos Saýns, “Ferrari”;
6. Lens Stroll, “Aston Martin”;
7. Fernando Alonso, “Aston Martin”;
8. Esteban Okon, “Alpin”;
9. Çžou Guanýuý, “Alfa Romeo”;
10. Pýer Gasli, “Alpin”.

Çempionatyň indiki tapgyry 16 – 18-nji iýunda Kanadada Žilýa Wilnýowa adyndaky awtodromda geçiriler.


düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

29.05.2026 23:03
7.1k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......

25.05.2026 23:07
9.1k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....