Çolpon-Atada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň prezidentiniň II duşuşygy geçirildi

  • 05.06.2023 10:41
  • 25k+

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň prezidentiniň ikinji duşuşygy Çolpon-Ata (Gyrgyzystan) şäherinde geçirildi. Oňa Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow gatnaşdy.

Konstruktiw ýygnagyň dowamynda gatnaşyjylar geçen ýyl Astanada geçirilen ilkinji ýygnakdan soň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky köptaraplaýyn we özara peýdaly hyzmatdaşlyga baha berdiler. ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda halkara wakalaryň çägindäki gatnaşyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar  ministrleriň indiki ýygnagynda ÝB-MA Ýol kartasyny kabul etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler, şeýle hem BMG-nyň Tertipnamasyna, hususan-da ähli ýurtlaryň garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna, çäk bitewiligine hormat goýmak, güýç ulanmazlyk ýa-da güýç ulanmak howpuny salmazlyk we halkara dawalary parahatçylykly ýol bilen çözmek ýörelgelerine ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Owganystandaky ýagdaýyň ýaramazlaşmagy barada umumy alada bildirildi we bu ýurduň howpsuz, asuda, durnukly we gülläp ösýän ýurda öwrülmegine goşant goşmak islegi nygtaldy.
Duşuşygyň beýleki mowzuklarynyň arasynda Pariž şertnamasyna laýyklykda taraplaryň borçlary, suw we energiýa hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýada daşky gurşawy we biodürlüligi goramak, Aral deňzi meselelerine we ş.m. garaldy
Taraplar indiki duşuşygyny indiki ýyl ilkinji sammit görnüşinde geçirmek niýeti bilen yzygiderli duşuşmak barada ylalaşdylar. Özbek tarapy duşuşygy  Özbegistanda geçirmegi teklip etdi.


düýn 16:02
809

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......