Werstappen Ispaniýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy

  • 04.06.2023 12:43
  • 7.4k+

“Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen Barselonadaky “Katalunýa” awtodromynda geçirilýän “Formula-1” çempionatynyň sekizinji tapgyry bolan Ispaniýanyň Gran-prisiniň saýlama ýaryşynda ýeňiş gazandy.

Umumy sanawda lider bolan niderlandiýaly sürüjiniň iň gowy aýlawy 1 minut 12,272 sekunt boldy. Ýekşenbe güni geçiriljek esasy ýaryşda ikinji bolup “Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns (yza galyş 0,462 sekunt), üçünji – “Maklarenden” Lando Norris (+0,520) badalga alar.
Şeýle-de, ilkinji onluga şular girdi:

4. Pýer Gasli (“Alpin”);
5. Lýuis Hemilton (“Mersedes”);
6. Lens Stroll (“Aston Martin”);
7. Esteban Okon (“Alpin”);
8. Niko Hýulkenberg (“Haas”);
9. Fernando Alonso (“Aston Martin”);
10. Oskar Piastri (“Maklaren).


düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

29.05.2026 23:03
7.1k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......

25.05.2026 23:07
9.1k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....