Plastik galyndylar boýunça ählumumy şertnamanyň ilkinji taslamasy 2024-nji ýylyň aýagyna çenli peýda bolar

  • 04.06.2023 12:47
  • 24k+

BMG-niň howandarlygynda Parižde geçen gepleşiklere gatnaşyjylar plastik hapalanmanyň soňuna çykmak baradaky şertnamanyň başlangyç taslamasyny 2024-nji ýylyň ahyryna çenli işläp düzmek barada ylalaşdylar.

Bu adam ýaşaýşynyň galyndylarynyň iň dowamly çeşmelerinden biri bilen bagly meseläni çözmek üçin deslapky, ýöne aýgytly ädimdir.
Ara alyp maslahatlaşmalara 175 ýurduň wekilleri gatnaşdy.

"Pariždäki sessiýa gutarandan soňam, halkara gepleşikler we çekişmeler, gepleşiklerdäki basyşy goldap we 2024-nji ýylda maksada ýetip bilerimiz ýaly, tä Keniýadaky duşuşyga çenli dowam etmeli" diýip, ekologik geçiş ministri Kristof Beşýu belledi.

WWF (Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy) Pariždäki gepleşikleriň dowamynda: "Hökümetlere howply plastmassany gadagan etmegi, plastmassany gaýtadan ulanmagy, gaýtadan işlemegi we galyndylary tygşytly dolandyrmagy öz içine alýan global şertnama gerek" - diýdi.

"Tebigat we biziň saglygymyz plastmassa hapalanmasy zerarly bogulýar” – diýip, WWF habardar edýär.


17.03.2026 20:58
6.1k+

Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler

Hýuston uniwersitetiniň barlagçylary gaty jisimleriň fizikasy ugrunda täze üstünlik gazanandyklaryny mälim etdiler. Alymlar atmosfera basyşynda we minus 122 gradus Selsiý temperaturada elektrik toguny ýitgisiz geçirmäge ukyply bolan aşa ýokary geçiriji material döretdiler...

04.03.2026 16:01
1.1k+

Alymlar metandan dermanlyk madda almagy öwrendiler

Alymlar metany derman öndürmekde ulanyp boljak çylşyrymly himiki maddalara öwürmegiň täze usulyny işläp düzdüler. Bu baradaky barlag Science Advances žurnalynda çap edildi. Taslamanyň esasy üstünligi – taryhda ilkinji gezek metandan gönüden-göni dimestrol maddasynyň alynmagydyr...

18.02.2026 07:37
7.7k+

Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi

Science žurnalynda Hytaýda geçirilen giň gerimli ekologik barlagyň netijeleri çap edildi. Onda alymlar 2021-nji ýylda Ýanszy derýasynyň howzunda täjirçilik maksatly balyk tutmaga girizilen on ýyllyk moratoriýanyň netijelerine baha berdiler...

14.02.2026 14:15
3.1k+

Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy

Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip  biler...