Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň Baş sekretary wezipesini ilkinji gezek aýal eýelär

  • 04.06.2023 12:16
  • 9.5k+

Argentinadan professor Selesta Saulo Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) Baş sekretary bellendi. Ol bu wezipede ilkinji aýal bolar. Bu barada BMG-niň Habarlar merkezine salgylanyp, forbes.kz habar berýär.

Professor Saulo 2014-nji ýyldan bäri Argentinanyň Milli meteorologiýa gullugynyň müdiri wezipesini eýeleýär we häzirki wagtda BMG-niň birinji wise-prezidentidir. Ol 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda işe girişer we bu wezipede iki möhlet işlän professor Petteri Taalasyň ornuna geçer.
Professor Saulo dört ýyldan bir gezek geçirilýän BMG-niň ýokary direktiw organy bolan Bütindünýä Meteorologiýa Kongressiniň delegatlarynyň sesleriniň üçden iki bölegini alandan soň bellendi.
BMG-niň indiki prezidenti BAE-niň Milli Meteorologiýa merkeziniň baş müdiri, BAE-niň BMG-däki hemişelik wekili we BMG-niň Aziýa üçin Sebitleýin assosiasiýasynyň prezidenti doktor Abdulla al-Mandus bolar. Prezident saýlawlarynda ol sesleriň aglabasyny aldy.
Professor Saulo BMG bilen uzak wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edýär. 2015-nji ýylyň iýun aýynda ol BMG-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy saýlandy. 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň ikinji wise-prezidenti, 2019-njy ýylyň iýun aýynda birinji wise-prezidenti saýlanyp, bu wezipäni eýelän ilkinji aýal boldy. Ondan öň Saulo BMG-niň dürli ylmy hünärmen toparlarynyň agzasy boldy. Saulo 60-dan gowrak ylmy makalalaryň we kitaplaryň awtory ýa-da awtordaşydyr.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

17.02.2026 21:50
5.2k+

Ýewropa ýurtlaryny global maýylganlyga has tiz taýýarlyk görmäge çagyrýarlar

Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa ylmy konsultatiw geňeşi (ESABCC) Ýewropanyň ýurtlaryny global ýylylyga taýýarlanmaga çagyrdy. ESABCC täze hasabatynda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) agza ýurtlarynyň temperaturanyň ýokarlanmagyna uýgunlaşmak boýunça görýän çärelerini «ýeterlik däl we köp ýagdaýlarda gijä galan» diýip atlandyrýar...

23.01.2026 11:04
1k+

Aşgabatda geçirilen forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasynda ylalaşyklara gol çekildi

22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi...

23.01.2026 10:56
1.3k+

Aşgabatdaky forumda howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş meseleleri maslahatlaşyldy

22-nji ýanwarda Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir...