17-nji iýunda Ýeriň ýaşaýjylary planetalaryň paradyna syn edip bilerler

  • 03.06.2023 17:09
  • 30k+

17-nji iýunda planetalaryň parady ýa-da olaryň deňleşmesi bolar. Bu astronomiki hadysa Gün ulgamynyň birnäçe planetasynyň Günüň bir tarapynda 20-30°-da ýaýramagy bilen ýüze çykýan hadysadyr. Bu barada Starwalk Space portaly habar berýär.

17-nji iýunda ir bilen Saturn, Neptun, Ýupiter, Uran we Merkuriý asmanyň 93 gradusly sektorynda hatara düzüler. Bütin Ýeriň ýaşaýjylary bu hadysany hiç bir enjamsyz, öz gözleri bilen synlap bilerler. Şol bir wagtyň özünde, Neptuny we Urany görmek kynrak bolmagy mümkin.
Kosmiki hadysany görmek üçin wagty dogry saýlamaly: ýerleşýän ýeriňizde  daňyň atýan wagtyny bilmeli we azyndan bir sagat öň tomaşa edip başlamaly.
Ýupiter asmanda ilkinjileriň hatarynda görner – ony 16-njy iýundan 17-nji iýuna geçilen gijäniň ýarynda synlamak mümkin bolar. Dürbiniň kömegi bilen Balyklar ýyldyzlar toplumyndaky ilkinji planetadan takmynan 10° aşakda boljak Neptuny görüp bilersiňiz. Birnäçe wagtdan soň asman Ýupiteriň we Uranyň şöhlesi bilen bezeler we Merkuriý gözýetimde iň soňky peýda bolar.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......