Porsche kompaniýasy logotipini täzeledi

  • 03.06.2023 09:37
  • 15k+

75 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde Porsche kompaniýasy geraldiki galkan görnüşinde döwrebaplaşdyrylan nyşany bilen tanyşdyrdy. Üýtgeşmeleriň birbada göze ilmeýändigine garamazdan, dizaýnerler we marketologlar üç ýyl bäri onuň üstünde işleýärler. Galkanly nyşanyň awtoulaglarda ulanylmagy şu ýylyň ahyrynda başlar.

Kompaniýa täze galkanyň innowasion dizaýn elementleri bilen birleşdirip, taryhy bölekleri işjeňleşdirýändigini aýtdy. Gerbiň esasy bölekleri öňküligine galdy. Şeýle-de bolsa, galkanyň köp böleginde faktura ýüzüniň deregine tutuksy metal ulanýar, gyzyl elementler bal ary öýjüginiň gurluşyna eýe we dogumly ýöreýän at elementi Stuttgart ýazgysyny aldy. 
Wizual synaglardan başga-da, Porsche amaly synaglary hem geçirdi. Önümçilikden öňki nyşan nusgalary Waýsahdaky Ösüş merkezinde howanyň synaglaryny goşmak bilen, birnäçe synagdan geçdi.
Geraldiki galkan Porsche-de 1952-nji ýylda peýda boldy we şondan bäri bäş gezek täzelendi (iň soňky 2008-nji ýylda). Şol bir wagtyň özünde, şereket henizem nusgawy modelleriň awtoulaglarynyň eýeleri üçin nyşanlaryň ähli görnüşlerini öndürýär.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.4k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....