Kanada dünýäde ilkinji bolup her çilimiň ýüzünde çilimkeşligiň zyýany baradaky duýduryşy çap edip başlar

  • 03.06.2023 09:15
  • 18k+

Kanadada satylýan her bir çilimiň ýüzüne çilim çekmegiň zyýany barada duýduryşly bellik ediler. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

"Ýakyn wagtda Kanada saglyk duýduryşlarynyň hut her bir çilimde çap edilmegini talap edip başlar. Kanada bu çemeleşmäni dünýäde ilkinji ulanjak ýurt bolar" diýip, resminamada görkezilýär.

Bu üýtgeşme 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girer. Temmäki önümlerine bellik etmegiň täze düzgünleri tapgyrlaýyn giriziler: ilki bilen şeýle duýduryşlar uly ölçegli çilimlerde peýda bolar we kanun 2025-nji ýylyň aprel aýynyň ahyryna çenli doly güýje girer.
Bu başlangyjyň maksady "çilimkeşlere çilimi taşlamaga kömek etmek, ýaşlary we temmäki ulanmaýan adamlary nikotine baglylykdan goramak we temmäkiniň özüne çekijiligini hasam peseltmek". Hökümet 2035-nji ýyla çenli ilatyň arasynda temmäkiniň sarp edilişini 5%-e çenli azaltmagy meýilleşdirýär. Temmäki önümleriniň häzirki sarp ediliş derejesi resminamada görkezilmeýär.
Saglygy goraýyş ministrligi Kanadada temmäki ulanmagyň täsiri sebäpli her ýyl 48 000 adamyň ýogalýandygyny aýtdy.


17.06.2026 11:24
6.6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3.1k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....