Döwletliler köşgündäki çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

  • 02.06.2023 15:25
  • 8.1k+

1-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilen Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde geçirilen baýramçylyk dabarasynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan sowgatlar gowşuryldy.

Çagalar uly şatlyk we ruhubelentlik bilen myhmanlary garşy aldylar. Olar myhmanlar üçin aýdym-sazly çykyşlary taýýarladylar. Şeýle-de bu ýerde çagalaryň çeperçilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar milli medeni mirasymyzdan ylham alyp, täzeçillikler üçin hemişe açykdyklaryny aýdyňlygy bilen görkezdiler. Dabara ýurdumyzyň estrada artistleriniň we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylara süýjülik torty paýlandy.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk çäreleri guraldy. Munuň özi Türkmenistanyň umumadamzat gymmatlyklaryna we türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak däplerine esaslanýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......