1-nji iýunda paýtagtymyzda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy.
Açylyş dabarasyna ÝHHG-niň Baş sekretary, guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza meýilleşdirilen saparynyň çäklerinde guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň täze edara binasynyň açylmagy ÝHHG bilen Türkmenistanyň özara hormat goýmaga esaslanan uzak möhletleýin gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň subutnamasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, 1999-njy ýyldan bäri Aşgabatda hemişelik esasda ÝHHG-niň merkezi hereket edýär. Bu gurama bilen hyzmatdaşlykda bilelikde işlemegiň tassyklanylýan meýilnamalarynyň çäklerinde geçen ýyllarda giň gerimli ugurlary gurşap alýan maksatlaýyn taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Munuň özi hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, durnukly ösüşe goldaw berilmegine, parahatçylygyň saklanylmagyna we adam hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işlerdir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda bu abraýly guramanyň çäklerinde ulag-aragatnaşyk ulgamynda köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.