Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi

  • 02.06.2023 07:41
  • 6.6k+

1-nji iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid Prezident Serdar Berdimuhamedowa Arkadag şäheriniň «ÝHHG-niň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen «EcoPorts» güwänamalaryny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.
Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalaryň barşynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmakda we netijeli dialogy ilerletmekde syýasy-diplomatik mehanizmlere aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
Serdar Berdimuhamedow halkara derejede energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň tutuş sebitiň abadançylygyna we rowaçlygyna gönüden-göni täsir edýändigini aýdyp, ýurdumyzyň energiýa serişdelerine baý döwlet bolmak bilen, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk işleri durmuşa geçirýändigini belledi.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda beýleki ileri tutulýan ugurlarda, hususan-da, üstaşyr ulag ulgamynda, demokratik institutlaryň işini kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, gender deňligini üpjün etmek hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......