Ilon Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy

  • 02.06.2023 01:21
  • 30k+

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy, şeýle-de Twitter kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask Bloomberg agentliginiň wersiýasy boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde ýene-de birinji orna gaýdyp geldi. Onuň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygy 192,3 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar diýip, TASS belleýär.

Mask baýlygy 186,6 mlrd dollar bolan LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arnodan öňe geçdi. Sanawda üçünji orny Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos eýeleýär. Onuň baýlygy 144 mlrd dollara barabar.
Agentligiň belleýşi ýaly, 51 ýaşly Maskyň aktiwleri şu ýyl, esasan, Tesla kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde 50 mlrd dollardan gowrak artdy.


12.06.2026 13:09
9.3k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.8k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....