Birbada iki partiýa Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň prezidentligine dalaşgär hödürledi

  • 01.06.2023 14:06
  • 14k+

Özbegistanyň «Milli Tiklaniş» (Milli Galkynyş) Demokratik Partiýasy ýurduň häzirki lideri Şawkat Mirziýoýewi 9-njy iýulda boljak möhletinden öň geçirilýän prezident saýlawlarynda prezidentlige dalaşgär hökmünde hödürledi. Bu syýasy partiýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, degişli karar çarşenbe güni geçirilen gurultaýda kabul edildi.

Mirziýoýew ozal prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky kanuna gol çekdi. 30-njy aprelde Özbegistanda döwlet Baştutanynyň ygtyýarlyk möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýan we yzly-yzyna iki möhletden soň Mirziýoýewiň ýene saýlanmagyna mümkinçilik berýän konstitusiýanyň täze redaksiýasy meselesinde tutuş ýurt boýunça referendum geçirildi.
Özbegistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalar saýlawdan alty aý öň gijä galman Adalat ministrliginde hasaba alnan halatynda prezidentlige dalaşgärleri hödürlemäge haklydyr.
Häzir respublikada bäş partiýa bar. Öňňin olaryň dördüsi gurultaý geçirdi we prezidentlige dalaşgärlerini hödürledi. Hususan-da, Halk-Demokratik we Ekologiýa partiýalary öz liderleri Ulugbek Inoýatowy we "Adolat" ("Adalat")  Sosial Demokratik Partiýasy - Ýokary Kazyýetiň başlygynyň birinji orunbasary Robahon Mahmudowy we Liberal-Demokratik Partiýa - Mirziýoýewi hödürledi.
Şeýlelikde birbada iki syýasy birleşik tarapyndan döwlet Baştutanynyň wezipesine bir dalaşgäriň hödürlenmegi Özbegistanyň taryhynda ilkinji waka boldy.


01.04.2026 19:38
6k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

21.03.2026 08:25
5.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...