Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranyň Milli gymmat bahaly daşlar we haly muzeýine baryp gördi

  • 01.06.2023 02:55
  • 59k+

Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň dowamynda ýanynda bolýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa özi üçin ýörite taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde Eýranyň Milli gymmat bahaly daşlar we  haly muzeýine baryp gördi.

Eýran — taryhy wakalara baý ýurt bolmak bilen, onda köpsanly taryhy muzeýlerdir, ýadygärlikler bar. Eýranyň Milli bankynyň Milli gymmat bahaly daşlar muzeýi şeýle taryhy muzeýleriň biridir. Muzeýde gadymy döwürlerden häzirki güne çenli dürli ýyllarda hökümdarlyk eden patyşalaryň gymmat bahaly daşlary saklanylýar.
Milli gymmat bahaly daşlar muzeýi döwlet tarapyndan döredilen Merkezi bankyň garamagyna berlenden soň 1960-njy ýylda açylýar. Onuň meýdany 1000 inedördül metre deňdir. Dünýäde deňsiz-taýsyz bu gymmat bahaly daşlaryň we şaý-sepleriň toplumy döwlet gaznasynyň bir bölegi we milli gymmatlygydyr. Hatda iň tejribeli bilermenler we baha kesijiler hem häzire çenli bu hazynanyň ýa-da iň bolmanda takmynan bahasyny kesgitläp bilmändirler.
Ogulgerek Berdimuhamedowa baý sungaty eýran halkynyň müňýyllykly taryhyny  gorap saklamak we wagyz etmek maksady bilen döredilen muzeýiň gymmatlyklaryny uly gyzyklanma  bilen synlady.
Muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Eýranyň haly muzeýine baryp gördi.
Muzeýiň birinji zaly — gaýtadan dikeltmek zaly, ondan soňra Eýranyň dürli künjeklerinden getirilen halylaryň ekspozisiýa zaly ýerleşýär. Umuman muzeýde ýeke-täk nusgasy bolan ýüzlerçe halylar bar. Olar düýe, goýun we guzy ýüňünden, şeýle hem pagtadan, ýüpekden, zygyrdan hem-de beýleki süýümlerden dokalypdyr.
Şeýle hem halylardan başga bu ýerde haly dokalanda ulanylýan birnäçe önümler bilen hem tanyşmak bolýar.
Ýurduň dürli künjeklerinde dokalan muzeý gymmatlyklarynyň arasynda Tebriz haly ussatlarynyň dokan 200 ýyllyk halylaryny, dünýäde birnäçe ýüz görnüşi galan seýrek we gymmat bahaly Polones halylaryny, altyn we kümüş sapaklaryndan dokalan  owadan halylary, güberçek nagyşly halylar görkezilen.
Ogulgerek Berdimuhamedowa muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de muzeýe gymmat bahaly sowgat gowşurdy.


düýn 10:55
5.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......