Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranyň «Saadabad» toplumynda ýerleşýän taryhy-medeni desgalara baryp gördi

  • 31.05.2023 00:23
  • 49k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde onuň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Tähranyň Halkara howa mezilinde belent mertebeli myhmany EYR-nyň Prezidentiniň Zenanlar we maşgala işleri boýunça orunbasary hanym Ensie Hazali garşylady. Özi üçin bölünip berlen kabulhanada gysga wagtlyk dynç alyşdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy kaşaň «Saadabad» toplumynda ýerleşýän taryhy-medeni desgalara baryp gördi.
XX asyryň başynda bina edilen “Saadabad” toplumy eýran binagärliginiň göwheri hem-de Eýranyň paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň biri hasaplanylýar. Bu toplum Tähran şäheriniň demirgazyk böleginde, ajaýyp Şemiran künjeginde ýerleşýär.
Bu  topluma gezelenç gajarlar neberesiniň höküm süren zamanasynyň soňky ýyllarynda gurlan “Şahwand” köşgi bilen tanyşlykdan başlandy.
Soňra Ogulgerek Berdimuhamedowanyň maşgalasynyň awtoulag kerweni «Şahwand» köşgünden Farşçian adyndaky çeperçilik muzeýine tarap ugrady.
Bu muzeý dünýä meşhur häzirki zaman eýran suratkeşi Farşçianyň eserleriniň ýeke-täk sergisidir, bu suratkeşiň döredijiligi eýran nakgaşlygynyň hem-de beýleki halk senetçiliginiň kemala gelmegine uly täsirini ýetirdi.
Muzeýde suratkeşiň yslam dünýäsinde hem-de Günbatarda giňden meşhur bolan eserleriniň 54-si saklanylýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa abraýly suratkeşiň sergisini gözden geçirenden soňra «Millad muzeýine» baryp gördi.
Umumy meýdany ýedi müň inedördül metre deň bolan “Millat muzeý” “Saadabad” toplumynyň iri binalarynyň biridir.
Bu binada 50-den gowrak otag bolup, olaryň her birinde täsin muzeý gymmatlyklary – Pehlewler neberesiniň wekillerine peşgeş berlen gymmatly sowgatlar ýerleşdirilendir.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......