BAE 2028-nji ýylda asteroidleri öwrenmek üçin planetara stansiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär

  • 30.05.2023 13:47
  • 5.6k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň Kosmos agentligi 2028-nji ýylyň mart aýynda Mars we Ýupiter orbitalarynyň arasynda ýerleşýän esasy asteroidler zolagyna MBR Explorer planetara awtomatik stansiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada interfax.ru habar berýär.

“MBR Explorer-iň uçurylyşy 2028-nji ýyla meýilleşdirilen, zond asteroidler zolagyna tarap olardan ýedisini öwrenmek üçin özüniň ýedi ýyllyk ýoluna başlar” – diýip, agentlik sosial ulgamlarynda habar berdi.

Missiýanyň esasy maksady geljekde dowamly synag missiýalaryny goldamak üçin asteroidlerde çig mal almak mümkinçiligine baha bermekden, esasy zolagyň asteroidleriniň häsiýetlerini, şol sanda gelip çykyşyny, emele gelşini we ewolýusiýasyny öwrenmekden hem-de Gün ulgamynyň nähili emele gelendigi baradaky bilimleri artdyrmakdan ybaratdyr.
Kosmos edarasynyň maglumatlaryna görä, zond ýedi asteroidiň üstündäki uçuşyny olardan 150 km çenli uzaklykda amala aşyrar.


17.05.2025 00:28
1.8k+

Neuralink Abu-Dabide enjamlary pikiriň güýji bilen dolandyrmak boýunça synaglara başlaýar

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy Ýakyn Gündogarda ilkinji kliniki synaglaryň başlanandygyny habar berdi. Kompaniýa pikiriň güýji bilen aragatnaşyk saklamak we enjamlary dolandyrmak mümkinçiligini öwrener. UAE-PRIME atly taslama Cleveland Clinic Abu Dhabi we Abu-Dabiniň Saglygy goraýyş departamenti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär...

01.02.2025 12:05
9.1k+

BAE ýagşy emeli ýagdyrmak üçin täze tehnologiýalary synagdan geçirýär

Birleşen Arap Emirliklerinde ýagşy emeli ýagdyrmak üçin iki innowasion tehnologiýa ulanylyp başlandy. Gürrüň bulutlary “ekmek” üçin nanotehnologiýalar, şeýle-de dronlarda we uçarlaryň ganatynda elektrik razrýadnikleri...

25.06.2024 13:46
7.3k+

BAE-de gadymy Tuam şäheriniň harabalyklary tapyldy

BAE-de arheologlar gadymy şäheriň harabalyklaryny tapdylar, olar muny arap çeşmelerinde agzalýan, ýitirilen Tuam şäheri bolmagy mümkin diýip hasaplaýarlar. Açyş Umm-el-Kuweýn sebitinde ýerleşýän Al-Sinniýa adasynda...

16.05.2024 13:37
13k+

Dubaýdaky Al-Sinniýa adasyndaky dürçüler şäheriniň harabalyklary IV asyra degişli hasaplanylýar

Arheologlar Dubaýyň 42 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Al-Sinniýa adasyndan birnäçe gadymy oturymly ýerleriň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylar sebitiň irki taryhyny açýar diýip, BAE-niň Syýahatçylyk we arheologiýa...