Poçettino “Çelsiniň” baş tälimçisi boldy

  • 30.05.2023 13:05
  • 6.5k+

Londonyň “Çelsisi” baş tälimçi wezipesine argentinaly Maurisio Poçettinony belledi. Bu barada klubuň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

51 ýaşly hünärmen bilen şertnama “2+1” shemasynda baglaşyldy. Bu wezipede ol angliýaly Frenk Lempardyň ornuna geçdi. Lempard watandaşy Grem Potter işden aýrylandan soň baş tälimçiniň wezipe borçlaryny ýerine ýetiripdi. Poçettinonyň ştatyna Hesus Peres, Migel d’Agostino, Toni Himenes we Sebastýano Poçettino girer.

“Poçettinonyň tejribesi, onuň ýokary standartlary, liderlik häsiýetleri we gylyk-häsiýeti “Çelsiniň” ösüşine hyzmat eder. Ol dürli ligalarda we ýurtlarda, iň ýokary derejede işlän tälimçi-ýeňiji. Onuň ruhy, taktiki çemeleşmesi we ösüşe tarap ymtylmasy ony aýratyn dalaşgär etdi” – diýlip, klubuň resmi saýtynda ýerleşdirilen beýanda aýdylýar.
“Topar yhlasly we oýlanyşykly saýlama prosesini geçirdi. Biz Maurisionyň “Çelsä” goşulýandygyna begenýäris. Poçettino – ajaýyp iş ýazgysy bolan dünýä derejesindäki tälimçi. Biziň hemmämiz onuň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýlip, klubuň eýeleriniň beýanynda aýdylýar.

“Çelsi” Angliýanyň premýer-ligasynyň ýaryş jedwelinde 44 utuk bilen 12-nji orny eýeledi.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....