Sloweniýaly welosipedçi Rogliç «Jiro d'Italiýa» ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 30.05.2023 13:01
  • 2.5k+

Jumbo-Visma toparyndan sloweniýaly Primož Rogliç “Jiro d'Italiýa” welosiped ýaryşynyň umumy sanawynda ýeňiji boldy. Soňky tapgyr ýekşenbe güni geçirildi.

Ineos Grenadiers toparyndan britaniýaly Geraýnt Tomas ikinji ýeri eýeledi. Üçünji orny Portugaliýanyň toparynyň welosipedçisi Žoau Pedro Almeýda eýeledi.
Rogliç 33 ýaşynda we “Jiro d'Italiýada” ilkinji gezek ýeňiji boldy. Ondan öň sloweniýaly türgen üç gezek (2019, 2020, 2021) Ispaniýanyň ýollaryndan geçýän “Wuelta” welosiped ýaryşynyň umumy sanawynda ýeňiji bolupdy. Rogliç Tokionyň Olimpiýa çempiony we şahsy ýaryşda 2017-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi.


şu gün 19:23
1.9k+

Snup Dog, Fabregas, Ibragimowiç… Sport we şou-biznes ýyldyzlary 2026-njy ýylyň Olimpiada estafetasyna gatnaşýarlar

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň estafetasy Italiýanyň Gallarate, Busto-Arsisio, Lenýano, Saronno, Sewezo, Dezio, Monsa we Komo ýaly şäherlerinden geçdi. Alaw göterijileriň arasynda diňe bir sport ýyldyzlary däl, eýsem şou-biznesiň meşhur adamlary hem bar: reper Snup Dog, NBC üçin reportažlar taýýarlan we ýapylyş dabarasyna gatnaşan Pariždäki tejribesini gaýtalap, ýene-de fakel göterdi...

02.02.2026 13:33
3.1k+

Kümüşden we galyndylardan ýasalan altyn: 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasynyň ýeňijilerine näme gowşurylar?

Islendik türgeniň iň uly arzuwlarynyň biri - Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmak. Adatça şeýle arzyly medalyň dizaýny ýaryşyň ideýasyny we guramaçy ýurduň medeniýetini şöhlelendirýär. Italiýa bolsa bu ýyl Milandaky we Kortina-d’Ampessodaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasy üçin ýönekeý we nepis konsepsiýany saýlady...

24.12.2025 10:04
3.3k+

«Napoli» taryhda üçünji gezek futbol boýunça Italiýanyň Superkubogyny gazandy

«Napoli» futbol boýunça Italiýanyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy. Ol final oýnunda «Bolonýany» 2:0 hasabynda utdy. Ýaryş Saud Arabystanynda geçirildi. Neapol klubunyň düzüminde iki goly hem Dawid Neres geçirdi (39-njy we 57-nji minutlar)...

17.12.2025 12:33
2.6k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...