«NUR» toý hyzmatlary ilkinji bolup toý hyzmatlary mobil goşundysyny döretdi we ähli hyzmatlarynyň suratyny bahasy bilen ýerleşdirdi

  • 29.05.2023 16:53
  • 23k+

Toý-sadaka etmek isleýärsiňizmi? Emma toý hyzmatlaryna aýlanyp, olaryň hödürleýän hyzmatlary bilen ýekän-ýekän tanyşmaga mümkinçiligiňiz ýa wagtyňyz bolman biler. Bu ýagdaýda «NUR» toý hyzmatlary oturan ýeriňizden mobil goşundysyna girip, gerek bolan zadyňyzy bahasy bilen görüp, sargyt etmegi teklip edýär.

«NUR» toý hyzmatlary toý-sadakalary üçin gerek zatlaryň ählisini — menýularyň, çadyrlaryň, maşyn bezegleriniň, toý bezegleriniň görnüşlerini we başga-da ençeme zerurlyklary bir ýerden onlaýn sargyt etmäge müminçilik berýän ýurdumyzda ilkinji platformany döretdi. Indi islendik adam Play Market-den ýa-da AppStore-den «NUR toý hyzmatlary» mobil goşundysyny telefonyna ýükläp, şeýle hem www.nur-toy-hyzmatlary.com.tm saýtyna girip, özüne gerek hyzmatyň görnüşini saýlap, sargyt edip biler.

Nädip sargyt etmeli?
Munuň üçin www.nur-toy-hyzmatlary.com.tm saýtyna girip ýa-da Play Market-den/AppStore-den Nur toy hyzmatlary mobil goşundysyny telefonyňyza ýükläp alyp, registrasiýa bolmaly. Registrasiýa bolmak üçin diňe telefon belgiňizi girizmek ýeterlik.
Soňra toý-sadakaňyz üçin gerek bolan zatlary bir-birden görüp, göwnüňize ýaran görnüşini «Sebede goşuň» düwmesine basyp saýlamaly. Mysal üçin, «Çadyrlar» bölüminden çadyryň görnüşini — göçme, han, gümmez, euro, ak öýler, «Menýular» bölüminden menýunyň görnüşini — sadaka, agşam, agzaçar menýu, «Maşyn bezegleri bölüminden maşyn bezegini — gelnalyjy, agşam toý bezegi, çaga çykdy bezegleri, «Toý bezegleri» bölüminden toý bezeginiň görnüşini — Love Story, howly bezegi, restoran bezegi, podýezd bezegi, «Beýlekiler» bölüminden — türkmen milli eşiklerini, gap-gaçlary, kafe-barlary, bagşylar üçin sahnany, ofisiantlary we başgada islendik ownuk zada çenli saýlap bolar.
Gerek bolan zatlaryňyzy sebede goşanyňyzdan soň, «Sebet» bölümine girip, toý sadakany etjek senäňizi saýlamaly. Bu ýerde goşmaça günüň wagtyny hem saýlap bolýar — «günortan», «agşam», «günortan-agşam».
Ahyrynda «Sargyt etmek» düwmesine basmaly.
Soňra operator gysga wagtda müşderiniň sargydy boýunça onuň bilen jaňlaşar.

NUR toý hyzmatlary ykjam goşundysyny telefonyňyza şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz: Play Market we AppStore.

Habarlaşmak üçin:
+99363 855585; +99362 855585
TmCars Biznes-hasap: NUR toý hyzmatlary
Saýty:
http://www.nur-toy-hyzmatlary.com.tm/

Instagram: @nurtoyhyzmatlary
TikTok: @nurtoyhyzmatlary
Gmail: nurtoyhyzmatlary7gmail.com
Imo: +99362585585


12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....