Owganystan Türkmenistanda söwda attaşesini belledi

  • 29.05.2023 16:23
  • 10k+

Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi Mohammad Harun Saýedini Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň söwda attaşesi wezipesine belledi. Bu barada Khaama Press habarlar agentligi owgan ministrligine salgylanyp habar berýär.

Saýedi Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň söwda attaşesi hökmünde ýörite dabaranyň barşynda resmi taýdan tanyşdyryldy. Dabara Owganystanyň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Fazal Mohammad Sabir, şeýle hem birnäçe maýadarlar gatnaşdylar.
Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň beýan etmegine görä, söwda attaşesi şeýle hem Pakistanda we Eýranda bellenildi. Ýakyn wagtda bu wezipäniň Stambulda hem bellenilmegine garaşylýar.


şu gün 16:02
242

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......