Messi gazanan kuboklarynyň sany boýunça Dani Alwesiň rekordyny gaýtalady

  • 29.05.2023 15:16
  • 12k+

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol klubunyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi gazanan kuboklarynyň sany boýunça rekordy gaýtalady. Şenbe güni Messi “PSŽ” bilen bilelikde Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy. Bu kubok 35 ýaşly argentinaly oýunçynyň professional karýerasynda 43-nji boldy diýip, rsport.ria.ru habar berýär.

Bu görkeziji boýunça Messi “Barselona” boýunça öňki klubdaşy braziliýaly Dani Alwes bilen deňleşdi. Alwes ozal taryhda iň köp titula eýe bolan futbolçy hasaplanýardy.
Messi 2021-nji ýylyň tomsunda “PSŽ-niň” oýunçysy boldy, ol “Barselona” bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň erkin agent hökmünde bu kluba geçdi. Onuň parižliler bilen şertnamasy şu möwsümiň ahyrynda tamamlanýar. Messi “Altyn topuň” ýedi gezek eýesidir, dekabr aýynda ol dünýä çempiony boldy.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....