Werstappen Monakonyň Gran-prisiniň ýeňijisi bolup, Fetteliň rekordyndan geçdi

  • 29.05.2023 15:18
  • 3.4k+

“Red Bull-yň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň ýedinji tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Bu ýeňiş Werstappen üçin “Formula-1-de” 39-njy boldy. “Red Bull” üçin ýeňişleri boýunça ol dört gezek dünýä çempiony germaniýaly Sebastýan Fettelden (38) öňe geçdi.

Ýaryşda ikinji orny “Aston Martinden” Fernando Alonso eýeledi. Ispaniýaly türgen üçin bu görkeziji häzirki möwsümde iň gowusy boldy.
Karýerasynda üçünji gezek fransiýaly Esteban Okon (“Alpin”) münbere çykdy, ol üçünji orny eýeledi. Şeýle-de, ilkinji onlukda şular bar: 4. Lýuis Hemilton (“Mersedes”); 5. Jorj Rassel (“Mersedes”); 6. Şarl Lekler (“Ferrari”); 7. Pýer Gasli (“Alpin”); 8. Karlos Saýns (“Ferrari”); 9. Lando Norris (“Maklaren”); 10. Oskar Piastri (“Maklaren”).
Werstappeniň hasabynda 144 utuk bar, onuň yzyndan topardaşy meksikaly Serhio Peres gelýär (105). Umumy sanawda üçünji orny “Aston Martinden” ispaniýaly Fernando Alonso (93) eýeleýär.


düýn 21:03
1.8k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....