«Forsaž» franşizasy dünýä prokatynda 7 milliard dollar gazandy

  • 28.05.2023 10:31
  • 14k+

Onunjy bölümiň üstünlikli bat almagy netijesinde «Forsaž» kinoseriýasynyň kassa ýygymy dünýäde resmi taýdan 7 milliard dollardan geçdi.

Ondan öň agzalan möçbere “Ýyldyz söweşleri”, “Garri Potter” kinofranşizalary, “Bondiana” filmleri we “Marvel” kino älemi ýetipdi.
Umuman alanyňda, «Forsaž» 11 film üçin (“Hobbs & Shaw” spin-offyny goşmak bilen) 7,03 milliard dollar gazandy. Iň köp girdeji gazanan film Pol Uokeriň (1,52 milliard dollar) soňky keşbinde oýnan “Forsaž 7” filmi hasaplanýar.
Onunjy “Forsaž” geçen hepde çykdy we dünýäde 388 million dollar gazanmagy başardy.


02.02.2026 16:21
7.1k+

«Forsažyň» jemleýji bölüminiň çykjak senesi belli boldy

«Universal» studiýasynyň «Forsaž» kinosagasynyň iň soňky bölümi 2028-nji ýylyň 17-nji martynda amerikan prokatyna çykar. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Seriýanyň on birinji filmi resmi taýdan «Forsaž ebedi» (Fast Forever) diýlip atlandyryldy...

01.07.2025 14:08
7.9k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

17.03.2025 18:36
7.1k+

“Forsaž 7-däki” Jeýson Stethemiň baggisi 40 750 dollara satyldy

“Forsaž 7” filminden belli bolan “Fast Attack” baggisiniň täze eýesi peýda boldy. Jeýson Stethemiň süren ulagy Bring a Trailer portalynda geçirilen auksionda 40 750 dollara satyldy. “Ýörite surata düşüriş üçin...

06.02.2025 12:14
7.9k+

“Forsaž” kinofranşizasynyň ýyldyzlary doňdurmanyň mahabatynda surata düşdüler

“Forsažyň” ýyldyzlary ýaryş ýollaryny asuda doňdurma iýmek bilen çalyşdylar. Win Dizel, Mişel Rodrigez we Ludakris Amerikanyň Häagen-Dazs brendiniň doňdurmasyny mahabat etmek üçin ýaryşlar dessanyndaky keşplerinden...