“Forsaž 7-däki” Jeýson Stethemiň baggisi 40 750 dollara satyldy

  • 17.03.2025 18:36
  • 6.9k+

“Forsaž 7” filminden belli bolan “Fast Attack” baggisiniň täze eýesi peýda boldy. Jeýson Stethemiň süren ulagy Bring a Trailer portalynda geçirilen auksionda 40 750 dollara satyldy.

“Ýörite surata düşüriş üçin gurlan alty ulagyň biri bolan bu özboluşly awtomobil kuwwatly 6,2 litrlik LS3 V8 hereketlendirijisi, üç basgançakly awtomatik guty we Sway-A-Way amortizatorlary bilen köp ryçagly asgyç (podweska) bilen enjamlaşdyryldy” – diýip, çeşme habar berýär.

Şeýle-de, baggi 33 dýuýmlyk tekerler bilen 17 dýuýmlyk tigirlere hem-de dört tigiriň hemmesinde Wilwood disk tormozyna eýe boldy.
Çal reňkli aýna plastikden ýasalan kuzow alýumin panelleri bilen güýçlendirildi. Mundan başga-da, turba görnüşli radiator goragy, aýryp bolýan hereketlendiriji gapagy, pleksiglasdan aýnalar we howa alýan gurluş bar. Içinde howpsuzlyk karkasy, kowş görnüşli MasterCraft oturgyjy, Sparco ruly we beýlekiler bar. Rahatlyk üçin öwrüm görkezijiler, stop-signallar we yşyk zolaklary goşuldy.
Ulagyň soňky eýesi ähli suwuklyklary täzeledi. Ulagyň geçen menzili belli däl. 


01.07.2025 14:08
7.7k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

06.02.2025 12:14
7.7k+

“Forsaž” kinofranşizasynyň ýyldyzlary doňdurmanyň mahabatynda surata düşdüler

“Forsažyň” ýyldyzlary ýaryş ýollaryny asuda doňdurma iýmek bilen çalyşdylar. Win Dizel, Mişel Rodrigez we Ludakris Amerikanyň Häagen-Dazs brendiniň doňdurmasyny mahabat etmek üçin ýaryşlar dessanyndaky keşplerinden...

08.05.2024 11:49
6.4k+

“Forsaž-11” 2025-nji ýylda çykmaz, ol 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär

“Forsaž-11” filmi 2026-njy ýylda ekrana çykar. Bu barada režissýor Lui Leterýe aýtdy diýip, daily.afisha.ru habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, film indiki ýylyň başynda surata düşürilip başlanar, 2026-njy ýylda...

27.02.2024 16:24
12k+

Win Dizel “Forsažyň” soňlanyp biljekdigine yşarat etdi

Win Dizel sosial ulgamlarda “Forsaž-11-iň” franşizanyň iň soňky filmi boljakdygyna yşarat etdi. Bu barada daily.afisha.ru belleýär. “Biziň “Forsaž” babatynda ssenariýaçylar we tutuş topar bilen hepdelik duşuşygymyz...