27-nji maýda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde çagalar gününe bagyşlanan çäre geçiriler

  • 26.05.2023 15:14
  • 7.4k+

27-nji maýda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde çagalar we ene-atalar üçin baýramçylyk çäresi geçiriler. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek bu çärä isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp biler. Bu barada Mahabat müdirliginiň saýty habar berdi.

Çäräniň dowamynda kitap önümleriniň sergisi we satuwy guralar. Şeýle hem arzan bahadan dokma önümleri, el işleri, sungat eserleri, robot oýnawaçlary hödürleniler, dürli görnüşli hödür-kerem ediler.
Türkmen Döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşy guralar.
Multfilm şüweleňi hem-de kitap okamak boýunça bäsleşik geçiriler.
Çäräniň başlanýan wagty — 19:00.
Multfilm şüweleňinde ýeňiji bolan çagalara Gökdere çagalar sagaldyş merkezine mugt ýollamanama berler.
Kitap okamak bäsleşiginde ýeňiji bolan 3 sany çaga Awazadaky “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezine mugt ýollamanama berler.
Çäräniň guramaçylary bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bu çäräni eýýäm 2-nji gezek guraýar. Ilkinji gezek geçirilende ol halk köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi.

Çäräniň çäklerinde geçiriljek söwda ýarmarkasynda öz önümlerini, el-işlerini satmak isleýänler şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler: 493705


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......