Türkmenistanda öz logotipiň bilen futbolka-kepkany nireden sargyt edip bolýar?

  • 25.05.2023 23:23
  • 22k+

Öndürýän harydyňy ýa-da hödürleýän hyzmatyňy (brendiňi) halk arasynda meşhur etmegiň subut edilen usullarynyň biri hem şol harydyň (brendiň) adyny mümkin boldugyndan has köp adama tanatmakdyr. Öz logotipiň oturdylan egin-eşikler bolsa, brendiňi adamlaryň aňyna salmagyň şowly usullaryny biridir. TmCars Habarlar şu gezekki materialynda Türkmenistanda öz logotipiň bilen futbolka-kepkalary nireden, nädip sargyt edip bolýandygy barada gürrüň berýär.

Tomus möwsüminiň gelmegi bilen söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýanlar işgärlerini pasla görä «geýindirýärler». Ýagny bu möwsümde futbolkalar, batnikler, kepkalar has ýörgünli bolýar. «Gadyr Style» hususy kärhanasy bolsa ýörite sargytlar boýunça öz logotipiňiz oturdylan futbolka-kepkalary amatly bahadan taýýarlap bermek hyzmaty bilen meşgullanýar.

Diňe işgärler üçin däl, eýsem, müşderä-de sowgat
Logotipiň oturdylan futbolka-kepkalar diňe bir öz işgärleriň üçin iş eşigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müşderiler üçin hem ýerine düşen sowgat bolup biler. Siziň logotipiňiz oturdylan futbolka-kepkany geýen müşderiler brendiň mahabatyny mugt ýaýradyjylar bolup biler.
«Zehinli çözgüt», «Awto güýç», «Altyn şöhle», «Goşa çynar», «Tolkun» ýaly kompaniýalar, «City market», «Şazada», «Paýtagt», «Şerbet» ýaly marketler, «Central park», «Nescafe», «Saryja» ýaly kafe-restoranlar öz işgärleri üçin «Gadyr Style» hususy kärhanasyndan batnik-kepkalary aldylar.

NÄDIP SARGYT ETMELI?
«Gadyr Style» hususy kärhanasy futbolkalarynyň, batnikleriniň, kepkalarynyň ählisini Türkiýeden gelen materiallardan taýýarlaýar. Önümleriň jana rahat hem göze gelüwli bolmagy hökmany şert bolup durýar.
Şeýle hem müşderi futbolkalary, batnikleri we kepkalary öz islegine görä dizaýn etdirip bilýär.
Olara logotipler iki görnüşde edilýär — dokma (wyşiwka) we döwülmeýän, sypmaýan nakleýka.
«Gadyr Style» hökmany suratda müşderä ilki nusga görkezip, deslapdan ylalaşandan soň sargydyň galan bölegini taýýarlaýar.
Sargydyň iň az möçberi 50 sany bolmaly.
Sargytlar bir hepdäniň dowamynda ýerine ýetirilýär.

ONLAÝN HEM SARGYT EDIP BOLÝAR
«Gadyr Style» futbolka-kepkalary onlaýn arkaly hem sargyt edip bolýandygyny ýatladýar. Bu ýagdaýda «Gadyr Style» müşderä öz logotipi oturdylan futbolka-kepkadan 3-4 nusga taýýarlap ugradýar.
Tölegler ähli görnüşde kabul edilýär.

Öz logotipiňiz oturdylan batnikleri, futbolkalary we kepkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:+99365082347


18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.7k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......