Oguz han uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary welaýatlarda mekdep uçurymlary bilen duşuşdylar

  • 25.05.2023 23:01
  • 35k+

2023-nji ýylyň 15-20-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň guramagynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyz Aşgabadyň uçurym boljak 11-nji synp mekdep okuwçylary bilen hünär tanyşdyryş we düşündiriş duşuşyklary we açyk gapylar günleri geçirildi.

15-nji maýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy, 13-nji we 5-nji orta mekdeplerinde, 17-nji maýda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 25-nji, 28-nji we 36-njy orta mekdeplerinde, 20-nji maýda Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 24-nji orta mekdebinde uniwersitetiň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Wepa Öwezowyň, Dil öwreniş bölüminiň mugallymlary Eziz Meredowyň we Seýýara Saparowanyň, uniwersitetiň öňdebaryjy talyplary bolan Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merjen Akmämmedowanyň, Himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ogulsuraý Kakaýewanyň, Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Hojamyrat Balşaýewiň, Himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Batyr Kazakowyň gatnaşmagynda uniwersitetde talyp ýaşlara bilim we ylym berlişiniň aýratynlyklary, ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-taslama işleri, medeniýet babatda döredijilik işleri we sport çäreleriniň geçirilişi dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi.


19-njy maýda uniwersitetiň çäginde Açyk gapylar güni geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň 11-nji synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Okuwçylar uniwersitetiň okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy, Sport sagaldyş toplumy, kitaphana, naharhana, umumy ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem Oguz han innowasion toplumynda ýerleşýän ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, degişli binalara aýlanyp gördüler. Uniwersitet bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra mejlisler zalynda ýokarda ady agzalan mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda hünär tanyşdyryş we düşündiriş işleri geçirilip, mekdep okuwçylarynyň öňünde çykyşlar edildi. Şol bir wagtda ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan işleriň kiçiräk göçme sergisi hem gurnaldy.  Mekdep okuwçylary we mekdep mugallymlary geçirilen duşuşyklar üçin minnetdarlyk bildirip, çäräniň özlerinde diýseň uly täsir galdyrandygyny aýtdylar. Mekdep okuwçylarynyň uniwersitet baradaky gyzyklanmasy örän ýokary boldy.


08.06.2026 23:01
2.5k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......