Florida ştatynyň gubernatory ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny mälim etdi

  • 25.05.2023 22:49
  • 11k+

Çarşenbe güni Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis 2024-nji ýylda ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etjekdigini aýtdy.

“Men Amerikanyň beýik gaýdyp gelşine baştutanlyk etmek üçin prezidentlige dalaş edýärin " - diýip, ol Twitterde ýazdy.

Desantis çarşenbe güni ABŞ-nyň geljek ýylyň noýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin resminamalaryny berdi. Degişli maglumatlar ABŞ-nyň Federal saýlaw toparynyň web sahypasynda çap edildi.
44 ýaşly Ron Desantis Respublikan partiýa wekilçilik edýär we öňki prezident Donald Trump bilen bilelikde prezidentlige dalaşgär görkezilmek üçin göreşer. Amerikan metbugatynyň aglabasynyň pikirine görä, gubernator respublikan lagerdäki Amerikanyň öňki lideriniň esasy bäsdeşi.


düýn 14:18
5.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
7.9k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
9k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

25.05.2026 15:17
6.6k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......