Georgi Gospodinow edebiýat boýunça Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy

  • 24.05.2023 23:07
  • 5.1k+

Bolgariýaly prozaik we şahyr Georgi Gospodinow “Time Shelter” (“Wagt gaçybatalgasy”) romany üçin iňlis dilindäki edebiýat pudagynda gowşurylýan Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Londonda geçirilen dabarada emin agzalarynyň başlygy, ýazyjy Leýla Slimani yglan etdi diýip, TASS habar berýär.

55 ýaşly ýazyjy baýragy almak bilen öz romanyny “ýat we wagt”, “nostalgiýanyň harbylaşdyrylmagy” baradaky eser diýip atlandyrdy. Kitabyň merkezinde Alsgeýmer keseli bolan hassalar üçin toslanyp tapylan klinika baradaky waka durýar. Lukmançylyk edarasynyň her bir gaty hassalary geçmişe gaýtaryp, geçen onýyllyklary jikme-jik gaýtadan döredýär. Ýöne palatalar geçen ýyllara has ynandyryjy meňzeş bolansoň, sagdyn adamlaryň köpüsi bu klinika gelip, ony “wagtlaýyn gaçybatalga” hökmünde kabul edip, onda häzirki ýagdaýdan gizlenmäge synanyşýarlar.
Gospodinow bu baýragy 24-nji maýda, onuň gowy görýän baýramçylygynyň – slawýan ýazuwynyň gününiň bellenilýän güni alýandygyny belledi.
Baýragyň eýesi baýrak hökmünde 50 müň funt sterling ($62 müň) alar. Düzgünlere görä, Gospodinow pul baýragyny kitaby iňlis diline terjime ediji bolup çykyş eden amerikaly Anjela Rodel bilen paýlaşmalydyr. Mundan öň bolgar dilinde ýazylan kitap Buker baýragyna dalaşgär görkezilmändi. Roman Gospodinowyň Beýik Britaniýada çap edilen ilkinji romany boldy.


şu gün 14:15
2k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

12.05.2026 21:16
1.6k+

Sofiýada «Cat Show Expo» halkara sergisi geçirildi

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan 150-den gowrak pişigi bir ýere jemlän «Cat Show Expo» halkara sergisi boldy....

19.08.2024 13:37
13k+

Bolgariýada kenarýaka kafesinde duran bir stol gadymy rim döwrüne degişli bolup çykdy

Bolgariýanyň kenarýaka zolagynda ýaşy, takmynan, 1700 ýyl töweregi bolan gadymy rim sarkofagy adaty stol hökmünde ulanylypdyr. Bu täsin açyşy Warna şäheriniň golaýynda Gara deňziň kenaryndaky Keramatly Konstantin...

şu gün 15:31
749

Alymlar tebigatda gezelenç etmek bilen bagt duýgusynyň arasynda baglanyşygyň bardygyny tassykladylar

Halkara alymlar topary tebigata yzygiderli çykmagyň durmuşdan kanagatlanmak duýgusynyň ýokarlanmagyna we özüňi gowy duýmaklyga gönüden-göni goşant goşýandygyny anyklady....