Sofiýada «Cat Show Expo» halkara sergisi geçirildi

  • 12.05.2026 21:16
  • 1.7k+

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan 150-den gowrak pişigi bir ýere jemlän «Cat Show Expo» halkara sergisi boldy.

Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar pişikleriň onlarça görnüşi bilen tanyşdylar, bilermenler bolsa jandarlara «Best in Show» bäsleşiginiň çäklerinde baha berdiler. Çärä müňlerçe tomaşaçy gatnaşdy.

Bolgariýadan gelen sekiz ýaşly Arçi atly meýn-kun tohumyndan bolan pişik serginiň iň meşhur gahrymanlarynyň birine öwrüldi. Ol «Köpçüligiň halany» (Любимец публики) diýen baýraga mynasyp boldy.

Tomaşaçylar seýrek duş gelýän tohumlara hem uly gyzyklanma bildirdiler. Olaryň arasynda ýedi aýlyk Moriann Şedou atly kanada sfinksi aýratyn ünsi çekdi.

Bäsleşik maksatnamasyndan başga-da, sergide öý haýwanlarynyň saglygy, iýmitlenişi we pişikleri köpeltmegiň jogapkärçilikli taraplary boýunça maslahat beriş bölümleri guraldy.


08.06.2026 10:16
7k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

04.06.2026 01:26
17k+

Awstriýada goýunlar üçin «sowut» ýasaldy: möjekden goranmagyň adatdan daşary usuly

Awstriýanyň Karintiýa sebitiniň ýaşaýjysy goýunlar üçin daşy tikenli gorag lybasyny oýlap tapdy. Bu lybas böriler hüjüm edende malyň heläk bolmak howpuny azaltmalydyr. Emma bu oýlap tapyş haýwanlary......

04.06.2026 00:36
3.6k+

Merkezi Aziýada ilkinji: Yssyk-kölde seýrek duş gelýän haýwanlary dikeldiş merkezi gurulýar

Yssyk-köl döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde «Ak Ilbirs» ylmy-gözleg we dikeldiş merkeziniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik......

03.06.2026 07:44
6.5k+

Gresiýanyň adasynda pişiklere seredeniň üçin mugt ýaşaýyş jaýy hödürlenilýär

Syroscats haýwanlary goramak guramasy Gresiýanyň Siros adasynda işlemek üçin 2027-nji ýyl boýunça meýletinçileri hasaba alyp başlajakdygyny yglan etdi. Maksatnama gatnaşyjylar pişiklere seredendikleri üçin......