Riçard Brensonyň Virgin Orbit kompaniýasy işini bes etdi

  • 24.05.2023 23:01
  • 6.3k+

Iňlis milliarderi Riçard Brenson tarapyndan esaslandyrylan, hemra uçurmak bilen meşgullanýan Virgin Orbit kompaniýasy batandygyny mälim edenden birnäçe aý soň, işini bes etdi. Bu barada BBC teleradioýaýlymlar korporasiýasy çarşenbe güni habar berdi.

NASDAQ biržasynyň maglumatlaryna görä, kompaniýa emläklerini 36 million dollara ýa-da başlangyç bahasynyň bary-ýogy 1 göterimine satdy. Virgin Orbit -iň raketa önümçilik desgasyny we ştab-kwartirasyny bäsdeşi – Rocket Lab startapy 16,1 million dollara satyn aldy.
Ýanwar aýynda Virgin Orbit Angliýanyň çäginden ilkinji gezek emeli hemra uçurmaga synanyşdy we ol şowsuz boldy. Şonda kompaniýa maliýeleşdirmek meselesinde kynçylyk çekip başlady, şol sebäpli onuň ýolbaşçylygy  işgärleriniň 85% -ini dessine işden aýyrdy.
Virgin Orbit 2017-nji ýylda esaslandyryldy we hiç haçan jemgyýetçilik kompaniýasy hökmünde girdeji gazanmady. Ol Virgin Atlantic awiakompaniýasyny öz içine alýan Brensonyň işewürlik-imperiýasynyň bir bölegi bolmak bilen, kiçijik hemralary ibermek üçin raketa-göterijileri işläp taýýarlamak we gurmak bilen meşgullandy.

şu gün 13:03
1.6k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

düýn 10:17
5.6k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.2k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......