Ispaniýanyň iri kompaniýalary işgärlerine ChatGPT ulanmagy gadagan edip başladylar

  • 24.05.2023 10:37
  • 5.7k+

Ispaniýanyň iri kompaniýalary öz işgärlerine emeli aň esasly ChatGPT çat-botuny ulanmak babatynda gadagançylyklar we çäklendirmeler girizip başladylar. Bu barada duşenbe güni El Mundo gazeti habar berdi.

Neşiriň habar bermegine görä, patyşalygyň iri kärhanalary maglumatyň daşyna çykmagy we ýalňyşlyklaryň bolmagy gorkusy sebäpli, ChatGPT-i ulanmagyň düzgünlerini işläp düzmäge howlukýarlar. Kompaniýalaryň biriniň öz işgärlerine iberen hatynda: "Bu guralyň kömegi bilen alnan maglumatlaryň ýalňyşlyklarynyň ýa-da nädogry bolmagynyň ähtimallygy ýokary" – diýilýändigini  neşir belleýär.
Telefonica telekommunikasiýa kompaniýasy,  ýurduň iň iri maliýe guramalarynyň biri bolan BBVA we Red Electrica işewürler topary öz işgärleriniň arasynda ChatGPT-i ulanmagy gadagan edendiklerini ýa-da çäklendirýändiklerini gazete tassykladylar. Beýleki birnäçe iri kompaniýalar öz işgärlerine şu we şuňa meňzeş gurallary ulanmak boýunça gözükdirmeleri iberdiler, beýleki birleri bolsa  emeli aňyň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek üçin teswirnamalary işläp düzdüler ýa-da olaryň üstünde işleýärler.


12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......