2023-nji ýylda iň gowy orta ölçegli krossowerleriň reýtingi düzüldi

  • 23.05.2023 19:13
  • 17k+

Amerikanyň Kelley Blue Book awtoulag seljeriş gullugy üstümizdäki ýylyň iň gowy orta ölçegli 10 krossoweriniň sanawyny düzdi.

Kia Telluride Hyundai Santa Fe-den, Kia Sorento-dan, Toyota Highlander-den, Honda Pilot-dan we beýleki köp sanly modellerden öňe saýlanyp, birinji ýeri eýeledi.
Kelley Blue Book sekiz adama niýetlenen bu ulagy birnäçe ölçegler, şol sanda içiniň giňligi we amatlylygy boýunça iň gowusy diýip atlandyrdy. Awtoulagyň baha/hil gatnaşygy gowy. Ol ABŞ-da esasy bäsdeşlerinden has arzan - 35 890 dollar.
Şeýle hem Kia Telluride ýokary howpsuzlyk derejesi, ajaýyp podweskasy we 295 at güýji bolan 3,8 litrlik hereketlendirijisi bilen tapawutlanýar.
Kelley Blue Book-yň wersiýasy boýunça 2023-nji ýylyň iň oňat orta ölçegli 10 krossoweri şulardan ybarat:

  1. Kia Telluride
  2. Hyundai Santa Fe
  3. Kia Sorento
  4. Honda Pilot
  5. Hyundai Santa Fe Hybrid
  6. Kia Sorento Hybrid
  7. Hyundai Santa Fe Plug-In Hybrid
  8. Kia Sorento Plug-In Hybrid
  9. Subaru Outback
  10. Hyundai Palisade

Toyota Highlander bilen Toyota Highlander Hybrid, degişlilikde, 11-nji we 12-nji orny eýeledi.

şu gün 16:02
861

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

düýn 19:58
1.3k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

düýn 19:49
2.5k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

düýn 16:58
2.1k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....