Täze çykan «Forsaž 10» dünýä prokatynda ilkinji hepdesinde 300 mln dollardan gowrak gazandy

  • 23.05.2023 10:51
  • 18k+

«Forsaž» filminiň täze çykan onunjy bölümi dünýä prokatynyň başynda 319 mln dollar gazandy.

Toplanan serişdelerden 67,5 mln dollar ABŞ bilen Kanadanyň paýyna, 251,4 mln dollar halkara çäklerine, şol sanda Hytaýyň paýyna düşýär. Bu «Forsaž 8» (532 mln dollar) hem-de «Forsaž 7» (397,6 mln dollar) filmlerinden soň franşizanyň taryhynda üçünji şowly badalgadyr.
Täze filmiň sýužeti Dominik Torettonyň (Win Dizel) hem-de onuň maşgalasynyň taryhyny gürrüň bermegini dowam edýär. Bu gezek gahrymanlar narkobaronyň ogly Dante (Jeýson Momoa) garşy durýarlar.
Filmde Mişel Rodriges, Bri Larson, Şarliz Teron, Jon Sina, Helen Mirren, Dueýn Jonson we Gal Gadot surata düşdüler. Filmiň režisýory — Lui Leterýe («Aldaw oýny»).


02.02.2026 16:21
7.1k+

«Forsažyň» jemleýji bölüminiň çykjak senesi belli boldy

«Universal» studiýasynyň «Forsaž» kinosagasynyň iň soňky bölümi 2028-nji ýylyň 17-nji martynda amerikan prokatyna çykar. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Seriýanyň on birinji filmi resmi taýdan «Forsaž ebedi» (Fast Forever) diýlip atlandyryldy...

01.07.2025 14:08
7.9k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

17.03.2025 18:36
7.1k+

“Forsaž 7-däki” Jeýson Stethemiň baggisi 40 750 dollara satyldy

“Forsaž 7” filminden belli bolan “Fast Attack” baggisiniň täze eýesi peýda boldy. Jeýson Stethemiň süren ulagy Bring a Trailer portalynda geçirilen auksionda 40 750 dollara satyldy. “Ýörite surata düşüriş üçin...

06.02.2025 12:14
7.9k+

“Forsaž” kinofranşizasynyň ýyldyzlary doňdurmanyň mahabatynda surata düşdüler

“Forsažyň” ýyldyzlary ýaryş ýollaryny asuda doňdurma iýmek bilen çalyşdylar. Win Dizel, Mişel Rodrigez we Ludakris Amerikanyň Häagen-Dazs brendiniň doňdurmasyny mahabat etmek üçin ýaryşlar dessanyndaky keşplerinden...