Daniil Medwedew Rimde Masters ýaryşynda ýeňiş gazanyp, ATP-de 20-nji titulyny aldy

  • 22.05.2023 16:22
  • 5.8k+

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew Rimde Masters 1000 kategoriýasynda ATP-niň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Finalda ol daniýaly Holger Runeden üstün çykdy — 7:5, 7:5.

ATP-niň reýtinginde Medwedew üçünji orny, Rune — ýedinji orny eýeleýär.
27 ýaşly russiýaly türgeniň hasabynda indi Masters tapgyrynyň ýaryşlarynda alty ýeňiş bar. Galyberse-de, Italiýada ol ilkinji gezek grunt toprakda geçen ýaryşda ýeňiji bolmagy başardy. Medwedewiň hasabynda ATP-de jemi 20 titul bar.
Duşenbe güni, 22-nji maýda ATP-niň täzelenjek reýtinginde Medwedew serbiýaly Nowak Jokowiçi geçip, ikinji orny eýelär.


08.06.2026 12:41
1.9k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

27.05.2026 18:20
7.2k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....