«Ýuwentusa» täze sanksiýalar howp salýar

  • 22.05.2023 11:22
  • 13k+

Italiýanyň Futbol Federasiýasynyň prokuraturasy zähmet haklary bilen bagly aldaw sebäpli Turiniň “Ýuwentusyna”garşy aýyplama ýükledi. Bu barada “La Republica” habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Prokuraturanyň habaryna görä, “Ýuwentus” 2019/20-möwsüminde koronawirus pandemiýasy wagtynda klub gaznasy bilen bikanun “aýlyk hilesini” gurady. Kazyýet işi iýun aýyna meýilleşdirildi.
Ýatlap geçsek, ýanwar aýynda “Ýuwentusa” maliýe aldawlary sebäpli Italiýanyň çempionatynda 15 utuk jerime salyndy. “Ýuwentusyň” kapitaly ýokarlandyrmak üçin toparyň oýunçylarynyň transfer bahasyny artdyrmak bilen meşgullanandygy anyklandy.
Soňrak Italiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Sport kepillikleri geňeşi klubuň şikaýatyny bölekleýin kabul etdi we işi kazyýetiň ýokary instansiýasyna garamaga geçirdi. “Ýuwentusa” A seriýanyň ýaryş jedwelinde 15 utuk wagtlaýyn gaýtarylyp berildi.
Soňrak Italiýanyň Futbol Federasiýasynyň prokuraturasynyň täze subutnamalary alandan soň işi gaýtadan dikeltmäge we çempionatda “Ýuwentusdan” dokuz utugy aýyrmaga doly hukugynyň bolandygy barada maglumatlar peýda boldy.


düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....