FIFA Türkmenistanda futbol zehinlerini ösdürmek taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär

  • 22.05.2023 09:42
  • 8.5k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) Türkmenistanda zehinleri ösdürmek taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň Futbol federasiýasy (TFF) FIFA-nyň sebitleýin tehniki geňeşçisi Gaýoz Darsadzeniň ýurda eden saparyndan soň habar berdi.

"Iki günlük iş sapary wagtynda FIFA-nyň tehniki geňeşçisi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylygy we TFF-niň tehniki bölüminiň hünärmenleri bilen 2023-2026-njy ýyllar aralygyndaky zehinleri ösdürmek taslamasyny ara alyp maslahatlaşdy" - diýlip habarda aýdylýar.

Belläp geçsek, 5-nji maýda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Merkezi Aziýa saparynyň çäginde ilkinji gezek Türkmenistana bardy. Ol gurulýan Arkadag şäherinde FIFA-nyň okuw-usulyýet merkezini döretmek üçin ýurduň ýolbaşçylary bilen ylalaşdy.


şu gün 08:03
1.7k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.3k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......